Eýranda 259 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 259,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 636 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 604-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 298 müň 909 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 196 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 16 müň 343-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 259 müň 116 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 16 million 920 müň adama ýetdi şolardan azyndan 664 müňden gowragy öldi we azyndan 10 million 485 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.