Gurban baýramy gutly bolsun
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8324-gurban_baýramy_gutly_bolsun
Ertir (anna) 1441-nji ýylyň gurban aýynyň ony, 2020-nji ýylyň 31-nji iýulyna deň bolan "Gurban baýramy" musulmanlaryň iň uly baýramlaryndan biridir.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 30, 2020 15:42 Asia/Ashgabat
  • Gurban baýramy gutly bolsun

Ertir (anna) 1441-nji ýylyň gurban aýynyň ony, 2020-nji ýylyň 31-nji iýulyna deň bolan "Gurban baýramy" musulmanlaryň iň uly baýramlaryndan biridir.

Gurban baýramynda Hudaýyň öýüne zyýarat edenler, Taňrynyň emri bilen we onuň razylygy üçin gurban edýärler, Hudaýyň beýik pygamberi Ybraýym pygamberiň (AS) ýatlamasyny dowam etdirýärler.

Iman we yhlas synamak üçin Hudaý Ybraýyma (saw) ogly Ysmaýyly (saw) Hudaýyň ýolunda gurban etmegi tabşyrdy.

Bu işiň kynlygyna garamazdan, Ybraýym pygamber (as) ylahy buýruga boýun boldy we bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýýardy, ýöne näçe synanyşsa-da ogly Hezreti Ysmaýylyň (AS) bokurdagyny pyçak kesmedi.

Bu aralykda, Ybraýym pygambere (as) ylahy synagdan buýsanç bilen çykandygy we Ysmaýylyň (AS) ýerine gurban etmek üçin goýun iberilendigi aýdylýar.

Bu öwrediji hekaýa, özüňi pida etmek, nebsiňi ýeňip geçmek we Taňrynyň buýrugyna boýun bolmak sapagydyr.

Şol sebäpli dünýäniň musulmanlary gurban aýynyň onunjy gününi beýik we şöhratly yslam baýramy hökmünde belleýärler we ondan yhlas we gullyk sapagyny alýarlar.