Eýran bilen Orsýeit hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär
Tehrana sapar eden Orsýetiň dumasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Lonid Slotsky,Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-i Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp iki taraplaýyn meseleler barada geňeşdi.
Orsýetiň dumasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Lonid Slotsky,Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-i Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp iki taraplaýyn meseleler barada geňeşdi.
Geçirlen bu duşuşykda iki taraplaýyn meselelerden aýry-ýadro ylalaşyga degişli meseleler,Siriýa,Ýrag,Ýemen we Libiýaň özgörişleri şeýlede Tehran bilen Moskwanyň, sebit we halkara giňlişigindäki hyzmatdaşlyklary barada hem gürrüň edilendir.Orsýet dumasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň Rehranda geçiren duşuşyklarynda nygtalan meseleleriň birisi, Eýran bilen Orsýetiň strategik hyzmatdaşlyklar senediniň taýýarlamagynda bu iki ýurduň mejlisleriniň hyzmatdaşlyklarynyň gereklidiginiň araatylmagy bolandyr.Eýranyň sebit ýurtlary bilen saklaýan gatnaşyklarynyň ösmegine bewet bolmakda Amerikanyň tagalla etýän ýagdaýynda Eýran bilen Orsýetiň strategik hyzmatdaşlyklarynyň berkidilmegi meňzeş bähbitlere we howplara üns berilmegi bilen strategik ähmiýetden paýly bolýandyr.Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-i Muhammet Jawad Zarif,şu ýerlikde beren gürrüňlerinde Eýran bilen Orsýetiň uzak muddetleýyn hyzmatdaşlyklar senediniň strategik gatnaşyklar tapgyra ýetilmegini nygtandyr.Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Kazem Jalaly bu iki ýurduň hyzmatdaşlyklar taslamasynyň ähmiýeti barada beren gürrüňlerinde Eýran bilen Orsýetiň durmuşky gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary geçen 10 ýyllyklara görä gaty ösendir.bulardan aýry taraplaryň hyzmatdaşlyklary ýuňlaşyp gaty manyly bolandyr.iki ýurduň gatnaşyklarynda köp potansiýeller bar,doly hyzmatdaşlyklar taslamaň çarçubynda olara üns berilmegi gereklidir diýendir.Eýran bilen Orsýetiň 2001-nji ýylyň mart aýynda garşylykly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar usulyň esasyndaky peýmana gol çeken zamanlaryndan iki 10 ýyllga golaý wagt geçýändir.şeýle halda sebit we halkara giňişligindäki gatnaşyklarda bolan özgerişlere üns berilmegi bilen bu iki ýurduň bir birilerinden isleýän zatlary hem köpelendir.başgaça aýdar bolsak,Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklary çüňleşip gaty manyly bolandyr.sebitiň durmuşky ýagdaýy hem iki ýurduň gatnaşyklarynyň strategik bolmagyny gerekli edendir.