Eýranda 277 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8386-eýranda_277_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň 600-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 277,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2020 12:12 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 277 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň 600-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 277,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 634 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 304-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 320 müň 117 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 174 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 17 müň 976 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 277 müň 463 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 19 million adama ýetdi şolardan azyndan 711 müňden gowragy öldi we azyndan 12 million 187 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.