Zarif:Amerika bilen Sionist režimiň ýadro ýaraglary biziň sebitimize howplydyr
Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň ikinji jahan uruşyň soňunda Ýaponiýanyň Hiroşima şäherini ýadro bombasy bilen bombalap ýola beren jenaýatynyň ýyllygynda beren gürrüňlerinde dünýäniň ýüzünden ýadro ýaraglaryň ýok edilmegini nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Hiroşima şäheriniň Amerika tarapyndan bombalanmagynyň 75-nji ýyl dönümi mynasibetli özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda:75 ýyl mundan ozal şeýle bir gün Amerikanyň döwleti ýeke we birinji döwlet höküminde adamzada garşy ýadro ýaragy ulanyp hemişelik betnam boldy diýip ýazdy.
Zarif, Sionist režimiň Günbatar Aziýa sebitinde iň uly ýadro ýaraglaryna eýe bolan režimdigine yşarat edip: häzirki wagtda ABŞ we Ysraýylyň ýadro ýaraglary sebitimiziň howpsuzlygyna howp salýandyr diýip nygtady.
Zarif şeýle-de dünýäniň başyndan ýadro ýaraglaryň howpynyň sowulmagyny nygtap:ýadro ýaraglaryň kömegi bilen garşy tarapyňy düýbinden ýok etmek doktrinasy uzak wagt bäri gyrakda goýulandyr diýip beýan etdi.