Waezi: Eýran Liwan hökümetiniň we halkynyň ýanynda dur
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8397-waezi_eýran_liwan_hökümetiniň_we_halkynyň_ýanynda_dur
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy: "Eýranyň hökümeti we halky, Liwan halkynyň we hökümetiň kyn ýagdaýyna olaryň ýanynda durandyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 07, 2020 14:37 Asia/Ashgabat
  • Waezi: Eýran Liwan hökümetiniň we halkynyň ýanynda dur

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy: "Eýranyň hökümeti we halky, Liwan halkynyň we hökümetiň kyn ýagdaýyna olaryň ýanynda durandyr diýip yglan etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy "Mahmud Waezi" anna güni Beýrutdaky partlama jogap edip twit ýazyp Eýranyň hökümeti we halky,  Liwan halkynyň we hökümetiniň kyn ýagdaýyna düşünip, duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek bilen, olara goldaw berýärler we hiç hili kömekden gaýra durmaz diýip nygtady.

Sişenbe güni agşam Beýrut portundaky ýakylýan ammarda uly ýangyndan soň ammiak selitrasy bolan ammarda ullakan partlama boldy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, partlama 150-den gowrak adamyň ölmegine we 5000 töweregi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.