Eýran Abu Dabi bilen Tel Awiwiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklay ýazgardy
(last modified Fri, 14 Aug 2020 11:05:31 GMT )
Aug 14, 2020 16:05 Asia/Ashgabat
  • Eýran Abu Dabi bilen Tel Awiwiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklay ýazgardy

Eýranyň daşary işler ministrligi Birleşen Arap Emirlikleri bilen sionist režimiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny ýazgarmak bilen, muny strategiki samsyklyk bilmek bilen, bu sebitdäki çydamyň kuwwatlylygyny şübhesiz güýçlendirer diýip yglan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň BAE bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky yzygiderli tagallalaryndan soň iki tarap diplomatik gatnaşyklaryň doly kadalaşmagy barada ylalaşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi anna güni beren beýanatynda ezilen Palestina halkynyň we dünýäniň ähli erkin ýurtlarynyň Ysraýylyň basyp alyjy we jenaýat ediji režimi bilen gatnaşyklaryny we şol režimiň jenaýatlaryna gatnaşmagyny hiç wagt bagyşlamajakdygyny aýtdy.

Eýran Abu Dabiniň galp, bikanun we adamkärçiliksiz sionist režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky utandyryjy synanyşygyny howply ädim hasaplaýar diýip beýannamanyň dowamynda getirilýär.

Türkiýe döwleti hem Birleşen Arap Emirligi bilen Sionist režiminiň arasynda ele gelen bu ylalaşygy ýazgardy.

Palestina dolanyşygynyň başlygy, BAE bilen sionist režiminiň arasyndaky ylalaşyga ýiti garşylyk görkezip, ylalaşygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin palestinaly ýolbaşçylaryň gyssagly ýygnagyny geçirmäge çagyrdy.