Zarif: Beýrut partlamasyndan ýaramaz peýdalanýan taraplar Liwany durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8459-zarif_beýrut_partlamasyndan_ýaramaz_peýdalanýan_taraplar_liwany_durnuksyzlaşdyrmaga_synanyşýarlar
Eýranyň Daşary işler ministri Beýrutda Liwan hökümetiniň wagtlaýyn premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda Beýrut portunyň partlamasyndan hyýanatçylykly peýdalanmagyň yzynda bolan taraplar Liwanyň durnuksyzlygyny gözleýärler diýip beýan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 14, 2020 17:24 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Beýrut partlamasyndan ýaramaz peýdalanýan taraplar Liwany durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýarlar

Eýranyň Daşary işler ministri Beýrutda Liwan hökümetiniň wagtlaýyn premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda Beýrut portunyň partlamasyndan hyýanatçylykly peýdalanmagyň yzynda bolan taraplar Liwanyň durnuksyzlygyny gözleýärler diýip beýan etdi.

Beýruta sapar eden Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif anna güni Hasan Diab bilen geçiren duşuşygynda Beýrut portundaky partlamadan hyýanatçylykly peýdalanýanlar Liwanda durnuklylygy we agzybirligi islemeýänlerdir diýdi.

duşuşykda Hasan Diab hem Eýrana kömek etmek üçin bildiren taýynlygy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen gerek mätäçlikleri şol sanda bejeriş pudagynda we Beýrutda ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek üçin zerur zatlary açyklap berdi.

Beýrutda bolan Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýle-de şu gün Liwanyň mejlisiniň başlygy Nabih Berri bilen duşuşyp,Beýrut portundaky partlama sebäpli Liwan halkyna we hökümetine raýdaşlyk we duýgudaşlyk bildirmek bilen Liwanyň söweşde ýeňşiniň 14 ýyllygyny gutlady.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Liwana gurnan saparynyň dowamynda bu ýurduň prezidenti we daşary işler ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.