Amerikanyň ,Eýran bilen Hytaýyň strategik gatnaşyklaryna garşy hereketleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8465-amerikanyň_eýran_bilen_hytaýyň_strategik_gatnaşyklaryna_garşy_hereketleri
Amerika Donald Trampyň prezident döwürinde Hytaý bilen Eýrana garşy gysyşlary güýçwgetmek syýasaty ileri dürendir.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 16, 2020 09:03 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň ,Eýran bilen Hytaýyň strategik gatnaşyklaryna garşy hereketleri

Amerika Donald Trampyň prezident döwürinde Hytaý bilen Eýrana garşy gysyşlary güýçwgetmek syýasaty ileri dürendir.

Indi Tehran bilen Pekiniň arasynda soňky günlerde bolan ylalaşyga üns bermegi bilen Eýran bilen Hytaýyň biri birilerine köpräk ýakynlamaklary,Waşingtonyň resmilerini alada goýup olaryň düýdüriş bermeklerini yzyna tyrkandyr.Amerikanyň DIM-i Maýk Pompeo,Eýran bilen Hytaýyň strategik ylalaşygyndan Waşingtonyň alada bildirýänliginden hekaýat etýän gürrüňlerinde ,Tehrana garşy sanksiýalar,Pekiniň garşysynda hem ileri sürilmelidir diýdi.Pompeo  Faks news habat ulgamy bilen geçirn söhbetdeşliginde Eýran bilen Hytaýyň 25 yýllyk strategik taslamasy baradaky soraga jogap bermeginde ,biz hökmän Eýran yslam respublikasyna garşy bütin sanksiýalary,Hytaýyň Komonist Partyýasynyň we bu ýurduň döwletine degişli şereketleriniň we gurunjalarynyň garşysynda hem ileri sürjekdirs diýdi. Amerikanyň DIM-i Maýk Pompeo Hytaýyň Eýran bilen strategik hyzmatdaşlyk etmegi,Aziýanyň günbatarynyň durnuksyz bolmagyna we Ýzraýl,Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleriň howpa düşmeklerine sebäp bolýar diýip toslady. Amerikanyň DIM-i Maýk Pompeonyň aýdan bu gürrüňleri Eýran bilen Hytaýyň soňky wagtlardaky ylalaşygynyň Amerikaň bu iki ýurda garşy işlerine galdyrjak täsirleriniň yzy gelimleri barada Waşingtonyň gaty alada bildirýänligini görkezýändir.şeýle halda Maýk Pompeonyň aýdyşy ýaly,Waşingtonyň Eýrana garşy sanksiýalaryna meňzeş sanksiýalaryň Hytaýyň garşysynda hem ýola berýäni Amerika bilen Hytaýyň dartgynly gatnaşyklaryny täze tapgyra salyp bilýändir.Trampyň döwleti öz strategik senetlerine hemişe Hytaý bilen Eýranyň garşysynda tersin hereket edip bu iki ýurdy howply bilýändir.2017-njy ýylyň dekabr aýynda neşir edilenAmerikaň milli howpsuzlyk boýunça strategik senedinde,Hytaýdan Amerikaň maliýe we howpsuzlyk çeşmelerine zarba urmagynyň yzynda bolýan bir halkara gudrat höküminde ýat edilip Hytaý Amerikanyň gudratyna ornoýşyna we bähbitlerine garşy kynçylyk höküminde wasp edilendir.