Orsýet ,Eýran hakda online maslahat geçirjek bolýar.
Amerikanyň BMG-nyň amanlyk şurasynda Eýrana garşy bolan ýarag enjamlar sanksiýany uzaklaşdyrmak üçin bolan tagallalarynyň açaçan şawlyga uçuramagy bilen Orsýet Eýran hakda bir maslahatyň geçirilmegini isledi welin Waşyngton şol maslahat bilen garşylaşdy.
Orsýetiň DIM-ynyň orunbasary Sergeý Riýabkow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň BMG-synyň amanlyk şurasyna agza ýurtlarynyň Eýran we Germaniýaň hemralyk etmekleri bilen Eýran we Pars Aýlagy hakda online bir maslahatyň geçirilmegi hakda beren hüdiri stolyň üstündedurandyr diýip nygtady.Kremlin kösgi geçen günlerde bir beýannamany çykaryp Orsýetiň prezidenti Putiniň amanlyk şuranyň 5 müdimi agzasy we Eýran we Germaniýaň online bir maslahat geçirmeginden habar berdi.Putin oz beýannamasynda amanlyk şurada Eýran hakda bolan meseleler gaty kynçylyga düşendir,bu kynçylyklar her gün geçdigiçe artyp barýandyr.Eýranagarşy esassyz we boş toslamalar aýdylýandyr.amanlyk şuraň öň hemmesiniň tasyklan karar hatyny ýok etmek üçin taslama ýazgylar hüdir berilýär diýdi.ol Tramp döwletiň Eýrana garşy bolan ýarag enjamlar sanksiýany uzaklaşdyrmak üçin eden tagallalaryna yşarat edendir.elbetde Amerikaň bu işleri netije beren däldir we Amerikaň beren taslama ýazgysy kabul bolan däldir.belli boluşyndan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýaňadan 5+1 topary janlandyrjak bolandyr. Wladimir Putin 5+1 topary we Eýrany Eýranyň ýarag enjamlar sanksiýasynyň we ýadro ylalaşygyň üstünde maslahata saljak bolýandyr.elbetde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz hüdirinde Pars Aýlagyň amanlyk ýagdaýyny hem göz öňüne alandyr.Orsýet sebit we halkara kynçylyklar näçe taraplaýyn bolan gatnaşyklaryň çarçuwasynda çözülmelidir diýen ynamy bardyr,şu hakda Orsýet Eýran we Pars Aýlagyň meseleriň amanlyk şuranyň 5 hemişelik agzasy we Eýran we Germaniýaň gatnaşmaklarynda barlanmagyny isläp durandyr.Orsýetiň orundarlary ençeme gaýtar Amerikanyň bir taraplaýyn etýän hereketleri bilen we Amerikanyň haýbat atmak , sanksiýalardan peýdalanmak ýoly bilen garşydyny yglan edendirler.Amerika öz syýasatlaryny we maksatlaryny yzarlap başga ýurtlara öz diýenini etdirmek üçin olara sanksiýalar we haýbat atmak ýolundan gysyş berýändir. Emma Orsýet ,Amerikanyň bu hereketleri bilen gaty garşydyr we Waşyngtonyň başga ýurtlara garşy ykdysady we syýasy gysyşlary bermegini halkara kanunlara garşy bilýändir.