Eýranda korona keseline uçraýanlaryň we ondan ölýänleriň azalmak akymy dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8614-eýranda_korona_keseline_uçraýanlaryň_we_ondan_ölýänleriň_azalmak_akymy_dowam_edýär
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona keseline uçraýanlaryň we ondan ölýänleriň azalmak akymynyň dowam edýändigini yglan edip, ýurtda korona keselinden gutulanlaryň sanynyň 321,000-den gowrakdygyny mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 30, 2020 12:40 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keseline uçraýanlaryň we ondan ölýänleriň azalmak akymy dowam edýär

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona keseline uçraýanlaryň we ondan ölýänleriň azalmak akymynyň dowam edýändigini yglan edip, ýurtda korona keselinden gutulanlaryň sanynyň 321,000-den gowrakdygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen kesellän 1,754 täze näsag adam tapylandygyny we şolardan 718-si keselhanada ýerleşdirilip galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip derman bolandyklaryny aýtdy.

Larri, Eýranda “Covid-19” hassalarynyň umumy sanynyň 373,500-e ýetendigini aýtmak bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 hassasynyň 103 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriniň sany 21 müň 462 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, şu wagta çenli 321 müň 421 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronwirusy ýokaşan adamlaryň sany 25 milliondan 190 müňe ýetdi, şolardan takmynan 847 müň 200 adam öldi, 17 million 542 müňden gowrak adam sagaldy.