Raeisi: Nigeriýada Ymam Huseýiniň ýasyny tutýanlara hüjüm etmek pikir azatlygyna garşy
Eýranyň kazyýet güýjün başlygy Nigeriýada Ymam Huseýiniň ýasyny tutýanlara edilen hüjümi "pikir azatlygyna ters" diýip ýazgardy.
yakynda Nigeriýanyň goşuny Ymam Huseýiniň ýasyny tutýanlara hüjüm edip, üç adamyň ölmegine we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Duşenbe güni Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Seýid Ebrahim Raeisi adam hukuklary toparlarynyň bu jenaýat meselesinde dymmagyny tankytlap Huseýni(a.s) söýýänler näçe köp ezilse, Aşura şonça-da gyzgalaňlanýar diýip nygtady.
Ra'isi Käbir adamlaryň diňe Ymam Hüseýine (AS) bolan söýgüsi we wepalylygy, adyny agzamak we dini däp-dessurlar sebäpli yzarlanmagy şübhelidir diýip sözüne goşdy.
Ymam Hüseýin (AS), hijri 61-nji ýylda (miladydan öňki 680-nji ýyl) Karbala şäherinde aşyr aýynyň ony Aşura güni şehit boldy.