Fajr onlygy; Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy dünýädäki erkinligiň nusgasydyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i24338-fajr_onlygy_eýranyň_yslam_rewolýusiýasy_dünýädäki_erkinligiň_nusgasydyr
Tanymal Nigeriýaly syýasatçy we ýazyjy Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygyndaky Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, öz ýurtlaryny azat etmek we garaşsyz bolmak üçin bütin dünýäde erkinlik gözleýänler üçin görelde bolup durýar diýdi.
(last modified 2024-02-07T10:28:18+00:00 )
Feb 07, 2024 15:28 Asia/Ashgabat

Tanymal Nigeriýaly syýasatçy we ýazyjy Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygyndaky Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, öz ýurtlaryny azat etmek we garaşsyz bolmak üçin bütin dünýäde erkinlik gözleýänler üçin görelde bolup durýar diýdi.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 45 ýyllygy mynasybetli "Muhammet Ebrahim Gamawa" Abuja şäherinde "Eýranpress"-iň žurnalistine beren interwýusynda Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygyndaky Eýran Yslam Rewolýusiýasy dünýäde erkinligiň çyrasyny ýakdy we bu halk rewolýusiýasy dünýäde erkinligiň nyşanyna öwrüldi diýdi.

Meşhur Nigeriýaly syýasatçy we ýazyjy Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň dünýäniň erkin halkyna öz ýurtlaryny kolonialistleriň dolandyryşyndan nädip azat etmelidigini öwredendigini sözüniň üstüne goşdy.

"Muhammet Ebrahim Gamava", sanksiýalara we global ulumsylyk meýilnamalaryna garamazdan Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň dowam etmegine ünsi çekip, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy güýçli adamlary bilen onlarça ýyllap titremän durdy we global ulumsylygyň elini gysgaltdy diýdi.

Nigeriýadaky bu yslam alymy, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň halk üçin saýlaw azatlygyny üpjün edýändigini aýtmak bilen Ymam Homeýniniň (RA) adynyň adamzat taryhynda ýazylandygyny we ýatdan çykarylmajakdygyny aýtdy.