Hatibzadeh: Amerikada kimiň prezident bolmagy Eýrana ähmiýeti ýokdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8724-hatibzadeh_amerikada_kimiň_prezident_bolmagy_eýrana_ähmiýeti_ýokdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikada kimiň prezident bolmagy Eýrana ähmiýeti ýokdyr diýmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary onlarça ýyl bäri beýleki ýurtlaryň, şol sanda Eýranyň saýlawlaryna gatyşýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 11, 2020 10:42 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Amerikada kimiň prezident bolmagy Eýrana ähmiýeti ýokdyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikada kimiň prezident bolmagy Eýrana ähmiýeti ýokdyr diýmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary onlarça ýyl bäri beýleki ýurtlaryň, şol sanda Eýranyň saýlawlaryna gatyşýandyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh anna güni Microsoft-yň Eýran bilen baglanyşykly hakerleriň ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir etmek isleýändigi baradaky aýyplamalaryny ret edip beýleki ýurtlara garşy işjeň aňtaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary beýle gülkünçtoslamalary edip bilmez diýdi.

Microsoft, Orsýet, Hytaý we Eýran bilen baglanyşykly hakerleriň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşýan şahsyýetlerden we toparlardan içalyçylyk etmäge synanyşýandygyny toslady.