Eýranda 353 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8783-eýranda_353_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 353,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 17, 2020 10:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 353 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 353,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda iki müň 815 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 628-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 413 müň 149 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 176 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 23 müň 808 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 353 müň 848 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 30 million adamdan geçdi şolardan 945 müňden gowragy öldi we azyndan 21 million adam sagaldy.