Eýranda 365 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8840-eýranda_365_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 184 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 23, 2020 13:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 365 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 184 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" duşenbe güni ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada şeýle diýdi: Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 3,605 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan 1594 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 432,798-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 184 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 24 müň 840 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 365,846 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 31 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 976 müň adam öldi we 23 milliondan gowrak adam sagaldy.