Eýran-Orsýetiň korona sanjymyny öndürmek boýunça maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8843-eýran_orsýetiň_korona_sanjymyny_öndürmek_boýunça_maslahaty
Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi, Orsýetiň prezidentiniň ýörite kömekçisi bilen bolan duşuşygynda, Corona sanjymyny bilelikde öndürmek üçin Eýran bilen Orsýetiň gözleg merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 23, 2020 18:57 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Orsýetiň korona sanjymyny öndürmek boýunça maslahaty

Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi, Orsýetiň prezidentiniň ýörite kömekçisi bilen bolan duşuşygynda, Corona sanjymyny bilelikde öndürmek üçin Eýran bilen Orsýetiň gözleg merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.

"Kazem Jalali" Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi we Orsýetiň Prezidentiniň Ylym we Tehnologiýa Syýasaty boýunça ýörite kömekçisi we Ylym we Bilim Geňeşiniň sekretary "Andreý Fursenko", Eýran-Orsýet tehnologiýa, ylym we Uniwersiteti hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri gözden geçirdiler.

Jelali bu ýygnakda Saglygy goraýyş ministrlikleri bilen iki ýurduň institutlarynyň arasynda Covid-19 (Corona) sanjymyny bilelikde öndürmek boýunça geçirilen birnäçe tapgyra ünsi çekip, "Eýran bilen Orsýetiň gözleg merkezleriniň arasyndaky bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň gysga wagtda başlamagyna umytlydyrys diýdi.

Andreý Fursenko Orsýetda Covid-19 sanjymynyň önümçiliginiň soňky ýagdaýyny düşündirende, öz ýurdundaky genetiki gözlegleriň we Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny düşündirdi.