Eýran: Saud Arabystany Takfiri terrorçy toparlarynyň we sebitdäki hemaýatkärleriniň bazasydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8846-eýran_saud_arabystany_takfiri_terrorçy_toparlarynyň_we_sebitdäki_hemaýatkärleriniň_bazasydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: "Saud Arabystany Takfiri terrorçy toparlarynyň pikirleriniň esasy we gelip çykyşy we sebitdäki terrorçylygyň esasy maliýe we maddy-tehniki goldawçysy" diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 24, 2020 11:48 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Saud Arabystany Takfiri terrorçy toparlarynyň we sebitdäki hemaýatkärleriniň bazasydyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: "Saud Arabystany Takfiri terrorçy toparlarynyň pikirleriniň esasy we gelip çykyşy we sebitdäki terrorçylygyň esasy maliýe we maddy-tehniki goldawçysy" diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Saud Arabystanynyň patyşasynyň penşenbe güni Eýran baradaky soňky sözleriniň jogabynda puç aýyplamalary ret edip, sözüniň dowamynda "Saud Arabystany köp ýyl bäri faktlardan gaçmak we jenaýatlary üçin jogapkärçilik çekmezlik üçin hakykatlary çöwre görkezmekligi gün tertibine girizdi diýip nygtap geçdi.

Saud Arabystanynyň režiminiň Eýrana garşy edilýän iň ýokary basyş syýasatyny dowam etdirmekde, basybalyjy sionist režimi bilen gatnaşyklary giňeltmäge we ony goldamaga şol ýurduň halkynyň jübüsinden milliardlarça dollar tölemäge durdy emma bu hereketleriň Arabystany ýurduna peýdasy bolmandyga bärde dursun eýsem bu ýurdy arap döwletleriniň gözünden gaçyrdy diýip nygtady.