Eýranda 383 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8905-eýranda_383_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 211 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 01, 2020 13:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 383 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 211 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada şeýle diýdi: Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 3,825 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan bir müň 925 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň jemi sanynyň 461,044-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 211 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 26 müň 380 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 383,368 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 34 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan bir million adam öldi we 24 million adam sagaldy.