Eýranda 401 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8969-eýranda_401_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 4000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 210 adamyň ölendigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 09, 2020 12:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 401 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 4000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 210 adamyň ölendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawy barada şeýle diýdi: Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 4 müň 142 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan bir müň 787 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň jemi sanynyň 492,378-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 210 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 28 müň 98 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 401,379 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany hem 36 million 700 müňdan geçdi, şolardan azyndan bir million adam öldi we 27 milliondan gowrak adam sagaldy.