Zarif: Orta Gündogarda daşary ýurt güýçleriniň bolmagy problemalary hasam kynlaşdyrýar
Eýranyň daşary işler ministri Ýaponiýanyň daşary işler ministrine "Orta Gündogarda daşary ýurt güýçleriniň bolmagy çylşyrymlylygy we problemalary hasam kynlaşdyrýar diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň Çarşenbe güni beren hasabatyna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Motegi bilen halkara, sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.
Zarif Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaponiýadaky walýuta çeşmelerini ulanmagynyň zerurdygyna yşarat edip, ABŞ režiminiň bu ýolda bikanun çäklendirmeleri girizmegini ýazgarmak bilen Eýran halkyna derman we azyk satyn almagynyň öňüni almak baradaky işlerini adamzada garşy jenaýat diýip atlandyrdy.
Eýranyň Daşary işler ministri: "Ýaponiýanyň hökümetiniň, Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryny, şol sanda 2231-nji rezolýusiýany ýerine ýetirmek baradaky umumy borçnamalarynyň çäginde ABŞ-nyň bu bikanun hereketiniň öňüni almagyna garaşýarys" diýdi.
Zarif, şeýle hem Korona garşy göreşde Eýrana berýän goldawy üçin Ýaponiýa minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegini umyt etdi.
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Motegi hem Korona garşy göreşde we Eýranyň maliýe çeşmelerinden peýdalanyp lukmançylyk enjamlaryny eltmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy we Ýaponiýanyň Orta Gündogary durnuklaşdyrmak ugrundaky pozisiýasynyň üýtgemändigini aýtdy.
Motaghi, şeýle hem Ýaponiýanyň ýadro ylalaşygy hemişe goldaýandygyny aýtdy.