Owganystanyň ýokary Milli barlyşyk geňeşiniň başlygy 18-nji oktýabrda Tehrana gelýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystanyň ýokary Milli barlyşyk geňeşiniň başlygynyň geljek ýekşenbe güni Tehrana saparyny yglan etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh çarşenbe güni agşam şeýle diýdi: Owganystanyň ýokary Milli Barlyşyk Geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah ýekşenbe güni (18-nji oktýabr) ýokary derejeli toparyň başynda Tehrana geler.
ol Şeýle hem "Abdylla Abdylla üç günlük saparda Prezident, Yslam şura mejlisiniň başlygy we Daşary işler ministri we Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar." diýip habar berdi.
Abdullah Abdullah mundan ozal Pakistana we Hindistana sapar edipdi.