Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9031-eýranda_korona_keseli_bolan_dört_müňden_gowrak_hassanyň_kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 256 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 15, 2020 12:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 256 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglere görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen 4616 täze näsag tanalyp bu sandan 2031 adam keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 517,835-e ýetendigini mälim etmek bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 256 sany Covid-19 hassasy öldi we we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 29,605-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 418,054 näsag sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 38 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan bir million adam öldi we takmynan 29 million adam sagaldy.