Eýran, Amerikanyň birtaraplaýynlygyna halkara jemgyýetçiliginiň dymmagyny tankytlaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9032-eýran_amerikanyň_birtaraplaýynlygyna_halkara_jemgyýetçiliginiň_dymmagyny_tankytlaýar
Eýranyň BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetindäki wekil ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyny dünýädäki adam hukuklaryna hakyky howp diýip atlandyrdy we halkara jemgyýetçiliginiň bu meselede dymmagyny tankytlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 15, 2020 13:41 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Amerikanyň birtaraplaýynlygyna halkara jemgyýetçiliginiň dymmagyny tankytlaýar

Eýranyň BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetindäki wekil ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyny dünýädäki adam hukuklaryna hakyky howp diýip atlandyrdy we halkara jemgyýetçiliginiň bu meselede dymmagyny tankytlady.

IRNA habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Muhammet Zareiýan BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary "Mişel Baçlet"-iň gatnaşmagynda BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetiniň mejlisinde beren gürrüňlerinde birtaraplaýynlygyň ýokarlanmagyny Adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek üçin hakyky global howp hasaplamak bilen Eýran halkyna garşy birtaraplaýyn gazaply çäreleriň täsiri we gerimi korona epidemiýasy wagtynda hasam güýçlendi diýip aýtdy.

Eýranyň BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetindäki wekili sözüniň dowamynda  ABŞ döwleti Eýran raýatlarynyň, esasanam iň ejiz aýallaryň, çagalaryň, garrylaryň we lukmançylyk kömegine mätäçleriň bähbitlerini nyşana alandyr, bu bolsa ykdysady terrorçylykdan başga zat däldir diýdi.

BMG Baş Assambleýasynyň Ynsan hukuklary boýunça ýokary komissaryň gatnaşmagynda geçirilen üçünji komitetiň mejlisinde dürli ýurtlar adam hukuklary baradaky pikirlerini we BMG bu komissariýasy we Adam Hukuklary Geňeşinden garaşýan zatlaryny sanap geçmek bilen Soraglaryny BMG-nyň bu resmisinden soradylar.