Zarif: Eýran Nagorno-Garabag dawasyny hemişelik çözmek üçin kömek etmäge taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9035-zarif_eýran_nagorno_garabag_dawasyny_hemişelik_çözmek_üçin_kömek_etmäge_taýýardyr
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy parahatçylyga we Nagorno-Garabag dawasynyň dowamly çözülmegine kömek etmäge taýýardyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 15, 2020 18:50 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýran Nagorno-Garabag dawasyny hemişelik çözmek üçin kömek etmäge taýýardyr

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy parahatçylyga we Nagorno-Garabag dawasynyň dowamly çözülmegine kömek etmäge taýýardyr diýdi.

Daşary işler ministrliginiň Maglumat sekretarynyň habar bermegine görä, Nagorno-Garabag dawasyndaky soňky wakalar Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde beýan edildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň usully pozisiýalaryny gaýtalap, Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bitewiligini nygtaýan Zarif, Tähranyň, Minsk toparyň işlerini kämileýjisi höküminde Eýran-Türkiýe-Russiýa sebitleýin çäreleriň çäginde parahatçylyga we Nagorno-Garabag dawasyna dowamly çözgüt tapmaga kömek etmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri  şeýle hem Nagorno-Garabag krizisini çözmek üçin sebit başlangyçlarynyň ähmiýetini we rolyny bellediler.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan, Nagorno-Garabag sebiti barada agzaladyrlar.Iki ýurduň Nagorno-Garabag sebiti baradaky dawasy 1988-nji ýylda başlandy.

täze çaknyşyklar 27-nji sentýabrda başlandy we Iki tarapdan bir topar güýç öldürildi ýa-da ýaralandy.