Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, ýurtda korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we soňky 24 sagadyň dowamynda 253 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglere görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen 4103 täze näsag tanalyp bu sandan 1779 adam keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 526,490-e ýetendigini mälim etmek bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 253 sany Covid-19 hassasy öldi we we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 30,123-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 423,921 näsag sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 39 milliondan gowrak boldy, şolardan takmynan iki million adam öldi we takmynan 29 million adam sagaldy.