Eýrana garşy ýarag sanksiýalarynyň soňlanmagy; habarlar we netijeler
Bärjam( ýadro ylalaşyk) durmuşa geçirilenden 5 ýyl soň ,Eýran Yslam Respublikasynyň ýarag çäklikleri, şu gün 18-nji oktýabrda tamamlandy.
Eýranyň ýarag çäklendirmeleriniň soňlanmagy bilen, mundan beýläk ýarag önümleriniň Eýrana eksport we import edilmegi baradaky çäklendirmä gönükdirlen BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary ýatyryldy we ýenede bu karara görä Eýranyň 23 ýuridiki şahsynyň sapar etme çäklendirmeleri hem ýatyryldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, Eýranyň ýarag sanksiýalarynyň soňlanmagy barada resmi beýanat berdi:
ABŞ regimeiminiň tagallalaryna garamazdan, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna we hemmetaraplaýyn bilelikdäki hereket meýilnamasyna (bärjama) boýun bolan halkara jemgyýetçiligi üçin bu gün gaty möhüm gündir.
Soňky aýlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary başda BMG-sy tarapyndan Eýrana garşy karar çykarmaga synanyşdy; BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana uzak möhletleýin ýarag embargosyny tassyklamak maksatly ABŞ-yň hereketleri şowsuz boldy. Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň diňe biri ABŞ-nyň haýyşyna razy boldy, beýleki agzalar garşy çykdylar ýa-da saklandylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary "trigger mehanizmini" işjeňleşdirmegi maksat edinýän soňraky ädiminde üstünlik gazanyp bilmedi, sebäbi Trump 2018-nji ýylda bärjam şertnamany terk edipdi we şonuň üçin hem ABŞ-yň bärjamda jogapkärçiligi ýokdy. Indi Eýrana garşy ýarag embargosynyň ýatyrylmagy bilen ABŞ üçin ýene bir agyr ýeňliş boldy. Eýrana garşy ýarag embargosynyň soňlanmagy, ABŞ-nyň global abraýyna uly zarba boldy,çünki, Waşington Eýrana syýasy basyş barada aýratyn hasabat açýardy.
Bu meseläniň ähmiýetine iki tarapdan seredip bolar:
Birinjiden, syýasy ölçegleri üçin we Howpsuzlyk Geňeşiniň kanunlarynyň we kararlarynyň çäginde borçlary ýerine ýetirmegiň meselesi we zerurlygy. Şu nukdaýnazardan seredilende, bu mesele ABŞ-nyň birtaraplaýyn syýasatyň ters tarapynda durýan aýdyň habary öz içine alýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Wenada ýerleşýän halkara guramalardaky ilçisi we hemişelik wekili "Kazem Gharibabadi" ýarag embargosyny bes etmegiň hukuky ölçeginiň ähmiýeti barada ýekşenbe güni irden Londonda IRNA-a bilen geçiren söhbetdeşliginde "Bu mesele möhüm, sebäbi, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ýarag sanksiýalary we çäklendirmeleri ýatyryldy we başga döwletler hem indi ýarag söwdasyndaky çäklendirmelere we sanjsiýalara bil baglap bilmezler.
Emma bu meselä seretmegiň başga bir tarapy; Netijeler we kanuny täsirler Eýranyň ýarag embargosynyň soňlanmagydyr. Bu meselede bellärlikli bir zat, Eýranyň goşunynda ýarag satyn almak meselesiniň ornydyr.
Eýran, sanksiýalardan öňki ýyllarda-da ýarag satyn almak üçin iň az býudjet çykarýardy; Sebäbi Eýranyň ileri tutýan maksady, goranyş zerurlyklaryny we öňüni alyş çärelerini kanagatlandyrmakda öz-özüni üpjün etmekdir. Şoňa laýyklykda Eýran Yslam Respublikasy ýerli mümkinçiliklere we ukyplaryna daýanmak bilen goranyş zerurlyklaryny üpjün etdi. Soňky ýyllarda ,Eýran harby ýarag öndürmekde uly üstünlikler gazandy we hatda adaty harby enjamlary eksport ediji hökmünde meýdana çykmagy başardy. Bu doktoryna we taglymat, Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş güýjüni saklamak boýunça alyp barýan işleriniň esasy oky bolar we dowam eder; Elbetde, Eýran sebiti durnuksyzlaşdyrmak üçin hiç wagt adaty däl ýaraglary satyn almagy we ýarag ýygnamagy göz öňünde tutan däldir.
Aslynda, Eýranyň Daşary işler ministri Zarifiň twitterde ,Bu ýarag çäklendirmäniň soňy; köptaraplaýynlygyň ideallarynyň ýeňişi we sebitiň parahatçylyga we howpsuzlygyga ýetmegidir diýip ýazypdy.