Hatibzadeh: Fransuz häkimiýetleriniň tutumy ýigrenji döredýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9120-hatibzadeh_fransuz_häkimiýetleriniň_tutumy_ýigrenji_döredýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Fransuz häkimiýetleriniň Pygambere (saw) kemsidilmegi baradaky esassyz pozisiýasyny ýigrenjiň sebäbi diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 24, 2020 13:53 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Fransuz häkimiýetleriniň tutumy ýigrenji döredýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Fransuz häkimiýetleriniň Pygambere (saw) kemsidilmegi baradaky esassyz pozisiýasyny ýigrenjiň sebäbi diýip atlandyrdy.

yakynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Fransiýanyň Yslam pygamberine garşy kemsidiji karikaturalary çap etmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şenbe güni Fransiýada Pygambere (saw) garşy kemsidiji hereketleriň dowam etdirilmegini ýazgarmak bilen bir wagtda, gynansak-da bu hereket käbir ýagdaýlarda käbir resmiler tarapyndan goldanýar diýdi.

 ol şeýle-de Yslam gymmatlyklaryny we musulmanlaryň ynançlaryny kemsitmek kabul ederliksiz we ret edilýär diýip sözüne goşdy.