Zanganeh: ABŞ-nyň Eýranyň nebit eksportyny çäklendirmek syýasaty başa barmady
Eýranyň nebit ministri ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna girizilmegi Waşingtonyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak syýasatynyň şowsuzlygynyň alamaty diýip atlandyrdy.
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganeh sişenbe güni Twitterde ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna goşulmagyna jogap edip "Bu sanksiýalar Waşingtonyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak syýasatynyň şowsuzlygyna passiw reaksiýa" diýdi.
Zanganeh dünýäde birtaraplaýynlyk döwrüniň gutarandygyny aýtdy we "Eýranyň nebit pudagy ýitmez" -diýdi.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni agşam Eýranyň Nebit ministrligini, onuň şahamçalaryny we Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganehy saýlaw propagandasynyň guralyna öwrülen sanksiýalar sanawyna goşdy.