Zanganeh: ABŞ-nyň Eýranyň nebit eksportyny çäklendirmek syýasaty başa barmady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9155-zanganeh_abŞ_nyň_eýranyň_nebit_eksportyny_çäklendirmek_syýasaty_başa_barmady
Eýranyň nebit ministri ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna girizilmegi Waşingtonyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak syýasatynyň şowsuzlygynyň alamaty diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 27, 2020 18:01 Asia/Ashgabat
  •  Zanganeh: ABŞ-nyň Eýranyň nebit eksportyny çäklendirmek syýasaty başa barmady

Eýranyň nebit ministri ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna girizilmegi Waşingtonyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak syýasatynyň şowsuzlygynyň alamaty diýip atlandyrdy.

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganeh sişenbe güni Twitterde ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna goşulmagyna jogap edip "Bu sanksiýalar Waşingtonyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak syýasatynyň şowsuzlygyna passiw reaksiýa" diýdi.

Zanganeh dünýäde birtaraplaýynlyk döwrüniň gutarandygyny aýtdy we "Eýranyň nebit pudagy ýitmez" -diýdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni agşam Eýranyň Nebit ministrligini, onuň şahamçalaryny we Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganehy saýlaw propagandasynyň guralyna öwrülen sanksiýalar sanawyna goşdy.