Eýranda korona keseli bilen alty müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9156-eýranda_korona_keseli_bilen_alty_müňden_gowrak_täze_hassanyň_kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6000-den gowrak täze koronawirus keseli bolan adamyň tanalandygyny we ýene 346 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 27, 2020 15:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keseli bilen alty müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenmegi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6000-den gowrak täze koronawirus keseli bolan adamyň tanalandygyny we ýene 346 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" anna güni ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen kesellän 6,968 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2135-si keselhana ýerleşdirildi we galan hassalar ambulatoriýa hyzmatlary edildi diýdi.

Larri, Eýranda koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 581,824-e ýetendigini sözüniň üstüne goşdy we soňky 24 sagadyň dowamynda 346 sany kowid hassasynyň ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 33,299-a ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 463,611 korona näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde korona wirusy ýokaşanlaryň sany hem 44 million adama golaýlady, şolardan bir million 165 müň adam öldi we 32 milliondan gowragy gutuldy.