Eýranda koronawirusdan 399 adam öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 399 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen kesellän 8,293 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2924-si keselhana ýerleşdirildi we galan hassalar ambulatoriýa hyzmatlary edildi diýdi.
Larri, Eýranda koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 596,941-e ýetendigini sözüniň üstüne goşdy we soňky 24 sagadyň dowamynda 339 sany kowid hassasynyň ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 34,113-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 472,598 korona näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde korona wirusy ýokaşanlaryň sany hem 44 million adamdan geçdi, şolardan bir million 180 müň adam öldi we 32 milliondan gowragy gutuldy.