Ruhani: ABŞ-nyň indiki döwleti Eýran halkyna boýun bolar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlarynyň netijesiniň Eýran üçin möhüm däldigini belläp: "Şübhesiz, ABŞ-nyň indiki administrasiýasy eýran halkyna tabyn bolar" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni , Pars aýlagyndan Eýranyň çöl sebitlerine suw geçirmek baradaky milli meýilnamanyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň geçirilişine ünsi çekip, Amerikalylaryň kanuna, kadalara we jemgyýetçilik pikiriniň basyşyna, beýik Eýran halkynyň sabyrlylygyna we garşylygyna boýun bolmakdan başga alajy ýokdyr diýip nygtady.
Ruhani, ABŞ hökümetiniň haýsy adamyň we partiýanyň erkinde bolmagy möhüm däldir diýmek bilen Soňky sekiz aýyň dowamynda eýran halky korona, sanksiýalara we kynçylyklara döz geldi we bu basyşa çydap bildi diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtda milli taslamalaryň açylmagyny Eýran halkynyň üstünlikleriniň möhüm sebäpleriniň we alamatlarynyň biri hasaplady we: "Eýran halky durmaz, basyş astynda dyza çökmez we egilmez" -diýip belläp geçdi.
Suwy süýjediji taslamanyň birinji tapgyry we Pars aýlagyndan Eýranyň Merkezi platosyna (Bandar Abbas - Sirjan) suw geçiriji liniýasynyň birinji bölümi açyldy.
Taslamanyň başlamagy bilen, birinji etapda Hormozgan we Kerman welaýatlarynda içmek we senagat taýdan ulanmak üçin günde 200,000 kub metr suw süýjediler.