Welaýati:Palestina Yslam Dünýäsiniň birinji meselesidir
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işleri boýunça maslahatçysy Palestina henizem Yslam Dünýäsiniň birinji meselesidir diýdi.
Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işleri boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati habar konferensiýasynda eden çykyşynda Kudus şäherini Sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar etmegi baradaky Amerikanyň tutan tutumy bütin dünýä ähliniň aýratynda musulmanlaryň bu meselä garşydyklaryny mälim etdi diýip nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda köp ýurtlaryň Kudus şäheriniň ýagdaýnyň üýtgedilmegi baradaky taslama garşy çykmaklary dünýäň umumy pikirleriniň oýalygyny we ägäligini mälim edendir diýip Ali Akbar Welaýati sözüne goşdy.
BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde hem ýekeje ýurt Amerikanyň bu ýurdyň Tel Awiw-daky ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegini goldan däldirler diýip Welaýati nygtady.