Mirýusefi: Eýrana edilýän iň ýokary basyş ABŞ-nyň hasam çetleşmegine sebäp bolar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9303-mirýusefi_eýrana_edilýän_iň_ýokary_basyş_abŞ_nyň_hasam_çetleşmegine_sebäp_bolar
ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekiliniň aýdanlaryny ret edip, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynyň metbugat sekretary, Eýrana edilýän iň ýokary basyş syýasatynyň dowam etdirilmegi ABŞ-nyň hasam çetleşmegine sebäp bolar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 13, 2020 19:38 Asia/Ashgabat
  • Mirýusefi: Eýrana edilýän iň ýokary basyş ABŞ-nyň hasam çetleşmegine sebäp bolar

ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekiliniň aýdanlaryny ret edip, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynyň metbugat sekretary, Eýrana edilýän iň ýokary basyş syýasatynyň dowam etdirilmegi ABŞ-nyň hasam çetleşmegine sebäp bolar diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýetiniň metbugat sekretary Alireza Mirýusefi anna güni ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Elliott Abramsyň "Associated Press" habar gullugyna beren aýyplamalaryna jogap edip "Eýrana garşy basyş we sanksiýalar syýasaty başa barmady" -diýip nygtady.

Mirosefi "ABŞ-nyň bu nädogry syýasatdan peýdalanmak baradaky tagallalary netijesiz we diňe ABŞ-nyň halkara derejesinde  çetleşmegine sebäp bolar diýip beýan etdi.