77 adyndaky topar bilen Hytaý Eýrana garşy sanksiýalaryň derrew ýatyrylmagyny nygtaýarlar
G77 agza ýurtlaryň we Hytaýyň daşary işler ministrleri öz beýanynda Eýran Yslam Respublikasyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryň derrew ýatyryljakdygyny nygtadylar.
IRNA-nyň habaryna görä, "77 atly toparyň we Hytaýyň" daşary işler ministrleri penşenbe güni beren beýanynda Eýran Yslam Respublikasyna garşy birtaraplaýyn ykdysady sanksiýalary ret edip, bu sanksiýalaryň derrew ýatyrylmagyny isledi.
G77 agza ýurtlaryň we Hytaýyň daşary işler ministrleri hem Bilelikdäki hereket meýilnamasyny (ýadro ylalaşygy) goldaýandyklaryny bellediler we ýadro ylalaşygyň global meseleleri çözmekde üstünlikli köptaraplaýynlygyň güýçli mysalydygyny bellediler.
77 topar+ Hytaý, 136 agzasy bolan , Birleşen Milletler Guramasyndaky iň uly we iň güýçli toparydyr.
"77-nji topar we Hytaý" daşary işler ministrleriniň kyrk dördünji ýygnagy penşenbe güni witual şeklinde geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasy bu toparyň agzasydyr.