Nov 15, 2020 13:20 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: ABŞ-nyň synmak gidişi çaltlaşdy

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, ABŞ-daky saýlawlaryň, bu ýurduň gegemoniýasynyň ýeňilmegi bilen ABŞ-nyň pese gaçýan tendensiýasyny çaltlaşdyrandygyny aýtdy.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni ABŞ-da geçirilen saýlawlardan soň bolup geçen wakalara ünsi çekip Amerikanyň gurluş, jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady kynçylyklary aç-açan dünýä ähline aýan boldy we häzirki wagtda hakyky Amerikanyň hakyky keşbi dünýädäki ezilenleriň gözüniň alnynda peýda boldy.

Galibaf şahsyýetleriň üýtgemeginiň ABŞ hökümetiniň Eýrana garşy alyp barýan syýasatlaryna hiç hili täsir etmejekdigini aýdyp Eýran üçin diňe "Jo Baýden" hökümetiniň amaly hereketleri şert bolup, nebit, bank işi we Eýran kompaniýalarynyň dünýä bilen söwdasynyň kadalaşmagy iş ýüzünde görülmelidir diýdi.

Tags