Hatibzadeh: Kanada döwletiniň adam hukuklary baradaky karary esassyz talaplaryň gaýtalanmagydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Kanada döwletiniň Birleşen Milletler Guramasyndaky adam hukuklary baradaky rezolýusiýasynyň taslamasyny we nädogry habarlara esaslanýan esassyz aýyplamalaryň gaýtalanmagynyň kabul ederliksiz we kanuny güýjüniň ýokdugyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Said Hatibzadeh sözüniň dowamynda Kanada ýaly käbir ýurtlaryň adam hukuklary we halkara mehanizmlerini syýasy maksatlaryny we niýetlerini öňe sürmek üçin gural hökmünde ulanmagy gynandyryjydyr diýdi.
Hatibzadeh Şeýle gurnaýjy däl çäreleriň diňe bir adam hukuklarynyň statusyny ýokarlandyrmaga we olara hormat goýmaga kömek etmeýändigini, eýsem garaşsyz döwletlere garşy negatiw stereotipleri we syýasy bellikleri döredýändigini düşündirdi.
Hatibzadeh sözüniň üstüni ýetirdi: Eýran, Kanadanyň hökümetiniň we rezolýusiýanyň beýleki hemaýatkärleriniň bu çärelerini gysga möhletli syýasy maksatlary öňe sürmek üçin adam hukuklarynyň aşa ýokary düşünjelerinden we gymmatlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagyň aýdyň mysaly hasaplap bu rezolýusiýany esaslandyryjylaryň hereketini ýazgarmak bilen ony bikanun bilýändir.
Hatibzadeh BMG-a agza 193 döwletiň 114-siniň bu rezolýusiýa garşy ses berendiklerine ýa-da ses bermekden saklanandyklaryna yşarat edip özleriniň rezolýusiýany esaslandyryjylaryň ikiýüzli çemeleşmesinden nägileligini bildirendiklerini ýatlap, Kanada hökümetine maslahat berdi: Eýran halkynyň adam hukuklaryna ikiýüzli rehimdarlygyň ýerine, ABŞ hökümetiniň Eýran halkyna garşy ykdysady terrorçylygyny goldamakdan ýüz öwürmegi we talaňçylykly emläkleri geçirmek we maýa goýmak üçin Kanadany howpsuz gaçybatalga tapan Eýran halkynyň baýlyklaryny ogurlanlaryň kabul edilmegini bes ediň.