Eýranda koronadan ölenleriň sany 479 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 479 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 13 müň 260 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 3,44-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 828,377-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 479 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 43 müň 896 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 589,25 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 57 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,367,000-si öldi we 40,000,000 adam sagaldy.