BMG-nyň Baş sekretarynyň wekili bilen Zarif Siriýanyň özgerişleri barada maslahatlaşdylar
BMG Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekiliniň Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Siriýa krizisi bilen baglanyşykly wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
IRIB habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geer Pederson bilen duşuşyp, käbir ýurtlaryň Siriýa krizisiniň syýasy çözülmeginiň ugurynda iş bozarlyk edýändigine yşarat edip soňky ýyllarda Siriýadaky krizisi soňlamak üçin gowy mümkinçilikler boldy, ýöne her gezek Käbir ýurtlarda puja çykarmak we mümkinçilikleri ýitirmek hereketleri bilen ýüzbe-ýüz bolduk.
Zarif şeýle-de häzirki Korona epidemiýasy şertlerinde Siriýanyň hökümetine we halkyna garşy zulumly we adalatsyz sanksiýalary ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýadaky on ýyllyk krizisi çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada durup geçen Pederson, bu etapda Eýranyň rolunyň möhümdigini aýtdy.