Eýranda koronadan ölenleriň sany 453 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 12000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 453 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 12 müň 460 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2,744-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 866,821-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 453 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 45 müň 255 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 610,406 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 60 milliona ýetdi, şolardan azyndan 1,395,000-si öldi we azyndan 40,000,000 adam sagaldy.