Eýranda koronadan ölenleriň sany 362 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9461-eýranda_koronadan_ölenleriň_sany_362_adama_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 362 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2020 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronadan ölenleriň sany 362 adama ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 362 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 13 müň 621 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2,246-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.

Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 989,572-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 362 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 48 müň 990 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 678,54 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 64 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,488,000-si öldi we azyndan 44,000,000 adam sagaldy.