Belgiýanyň Daşary işler ministri bilen Zarifiň telefon söhbetdeşligi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9463-belgiýanyň_daşary_işler_ministri_bilen_zarifiň_telefon_söhbetdeşligi
Belgiýanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň şehit bolan alymy "Mohsen Fahrizadehiň" öldürilmegini ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2020 14:18 Asia/Ashgabat
  • Belgiýanyň Daşary işler ministri bilen Zarifiň telefon söhbetdeşligi

Belgiýanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň şehit bolan alymy "Mohsen Fahrizadehiň" öldürilmegini ýazgardy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Belgiýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri "Sofiýa Wilms" çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri "Muhammet Jawad Zarif" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde şehit bolan alym "Mohsen Fahrizadehiň" öldürilmegini ýazgardy.

Iki tarap şeýle hem konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň we Goranmak ministrliginiň gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy we ýurduň ýadro pudagyndaky alym Mohsen Fahrizadeh geçen anna güni (27-nji noýabr) Tähranyň töweregindäki terrorçylykly hüjümde şehit boldy.