Ynkylap goragçylarynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Yrak resmileri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9479-ynkylap_goragçylarynyň_kuds_güýçleriniň_serkerdesi_yrak_resmileri_bilen_duşuşdy
Eýranyň Bagdatdaky ilçisi Yslam Rewolýusiýanyň Goragçylarynyň Kuds güýjüniň serkerdesiniň Yragyň premýer-ministri we prezidenti bilen duşuşygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 05, 2020 19:24 Asia/Ashgabat
  • Ynkylap goragçylarynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Yrak resmileri bilen duşuşdy

Eýranyň Bagdatdaky ilçisi Yslam Rewolýusiýanyň Goragçylarynyň Kuds güýjüniň serkerdesiniň Yragyň premýer-ministri we prezidenti bilen duşuşygyny yglan etdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatdaky ilçisi "Iraj Masjedi" şenbe güni "Al-Alam" gazetine beren interwýusynda Yslam Rewolýusiýanyň Goragçylarynyň Kuds güýjüniň serkerdesi Serdar "Ysmaýyl Gaani-ň Yragyň "premýer-ministr" Mustafa Al-Kazemi hemde bu ýurdyň prezidenti Barham Saleh we birnäçe Yrak resmisi bilen duşuşyklary geçirenligini aýtdy

 

Eýran Yrak partiýalarynyň we toparlarynyň içerki işlerine goşulmaýar; Şeýle-de bolsa, bu toparlar Eýran bilen maslahatlaşmagy makul bilýärler diýip Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatdaky ilçisi "Iraj Masjedi" sözüne goşdy.