Eýranda koronadan ölenleriň sany 284 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9520-eýranda_koronadan_ölenleriň_sany_284_adama_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 10000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 284 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 10, 2020 13:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronadan ölenleriň sany 284 adama ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 10000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 284 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 10 müň 403 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 1,458-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.

Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň bir million 83 müň 23-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 284 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 51 müň 496 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 778,160 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 70 milliona vetdi, şolardan azyndan 1,577,000-si öldi we azyndan 48,000,000 adam sagaldy.