Hatibzadeh: Daşary syýasaty hyýallara esaslamak akyla laýyk däl
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Türkiýäniň Tehrandaky ilçisiniň çagyrylmagy barada durup geçdi we "Türkiýäniň ilçisine hyýallara esaslanýan daşary syýasaty gurmagyň akylly däldigini aýtdy."
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh anna güni Türkiýäniň Tährandaky ilçisini çagyrmagyň mazmuny barada ýazan twitinde .Türkiýäniň ilçisine daşary syýasaty hyýallara esaslandyrmagyň akylsyzlykdygy aýdylandyr diýmek bilen Türkiýede Taryhy gowy bilýä köpdir, oňä görä hökümet işgärlerine goşgulary okamazdan ozal kompozisiýanyň köküni ýatlatmalydyrlar diýip nygtady.
Eýranyň diplomatik korpusynyň metbugat sekretary sözüniň dowamynda "Eziz Eýranyň bir bölegi bolan batyr Azerbaýjan hemişe watanyň berkitmesi bolupdy." diýip beýan etdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ermeni basyp alan ýerleriniň azat edilmegi mynasybetli Azerbaýjan güýçleriniň harby paradyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Bakuwa bardy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň hem gatnaşan dabarasynda Ärdogan Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň serhedindäki Aras derýasy barada birneme separatistik goşgy okady.