Zarif: Nagorno-Garabag meselesi sebitde parahatçylyk we dostluk üçin mümkinçilikdir
Eýranyň Daşary işler ministri:Tehran bilen Moskwanyň bilelikdäki aladasy bolan "Nagorno-Garabag krizisi Russiýanyň araçylygy bilen çözüldi we indi sebitde parahatçylyk we dostluk üçin pursat boldy" -diýdi.
Sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, Nagorno-Garabag konfliktinde araçylyk edenligi üçin Russiýanyň prezidentine minnetdarlyk bildirip Nagorno-Garabag krizisi Tehran bilen Moskwanyň umumy aladasydy, häzirki wagtda sebitde parahatçylyk we dostluk mümkinçiligine öwrüldi diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow hem Tehran bilen Moskwanyň arasyndaky gowy gatnaşyklara yşarat edip Şu günki maslahatda Garabag, ýadro ylalaşygy, Siriýa hemde Owgan konfliktiniň çözülmegi we Pars aýlagy sebitindäki ýagdaý barada gürrüň boljakdyr diýip habar berdi.
Zarif Sebitleýin saparlaryny dowam etdirip, sişenbe güni rus resmileri bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin geňeşmeler üçin Moskwa bardy.
Gürjüstan, Ermenistan we Türkiýe Eýranyň Daşary işler ministriniň sebit sapary üçin indiki ugurlary bolar.