Şamhani: ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasy urşy we gan döküşligi dowam etdirmekdyr
Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasyny urşuň we gan döküşligiň dowam etdirilmegidir diýip nygtady.
Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani düýn Tährana gelen Talyban toparynyň syýasy wekiliýetiniň başlygy Molla Abdul Gani Baradar bilen geçiren duşuşygynda ABŞ-nyň sebitdäki wagşyçylygynyň taryhyna salgylanyp Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy gözlemeýär eýsem ABŞ-nyň strategiýasy, dürli owgan toparlarynyň arasyndaky urşy we gan döküşligi dowam etdirmekdir diýdi.
Şamhani, ähli etniki toparlaryň Owganystanyň ykbalyny bütinleý parahatçylykly durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky söweşi dolandyrmak isleýän akymy hiç haçan ykrar etmejekdigini aýtdy.
Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary şeýle-de Owganystanyň howpsuzlygyny, esasanam Eýran bilen serhetleşýän welaýatlarda ähmiýetli bir mesele hasaplamak bilen Talybanyň Owganystanyň hökümeti bilen islendik howpsuzlyga garşy göreşmek we DAEŞ hereketlerine garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlygyny nygtady.
Molla Abdul Gani Baradar hem bu duşuşykda Owganystandaky parahatçylyk prosesi barada hasabat hödürledi we Trumpyň parahatçylyk şertnamasyny durmuşa geçirmekdäki erbet borçnamalaryna yşarat edip: Amerika ynanamzok we Amerika tarapyndan hakyna tutulan toparlar bilen göreşeris diýdi.
Molla Abdul Gani Baradar şeýle hem Eýran-Owganystan serhetleriniň howpsuzlygyny goramaga ünsi çekdi we şeýle diýdi: Owganystanyň geljeginde ähli taýpalar we tireler gatnaşmaly we rol oýnamaly.