Eýranda bir million 183 müňden gowrak adam korona keselinden halas boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1,183 million adamyň dikeldilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6608 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 695-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 392 müň 314 adama ýetdi diýdi.
Lari şeýle-de Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 91 sany Covid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 57651-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,183,463 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.
Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 100 million adamdan geçdi, şolardan azyndan iki milliony öldi we 73 million töweregi adam sagaldy.