Zarif: Sebitdäki ähli etnik toparlaryň hukuklaryna hormat goýmak möhümdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9990-zarif_sebitdäki_ähli_etnik_toparlaryň_hukuklaryna_hormat_goýmak_möhümdir
Eýranyň Daşary işler ministri, sebitdäki ähli ýurtlaryň, şol sanda Ermenistan Respublikasynyň territorial bitewiliginiň, garaşsyzlygynyň we milli özygtyýarlylygynyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitdäki ähli etnik toparlaryň hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 27, 2021 14:29 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Sebitdäki ähli etnik toparlaryň hukuklaryna hormat goýmak möhümdir

Eýranyň Daşary işler ministri, sebitdäki ähli ýurtlaryň, şol sanda Ermenistan Respublikasynyň territorial bitewiliginiň, garaşsyzlygynyň we milli özygtyýarlylygynyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitdäki ähli etnik toparlaryň hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif çarşenbe güni Ýerewanda Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazian bilen duşuşyp, Ermenistany Eýran Yslam Respublikasy üçin möhüm goňşy diýip atlandyrdy we iki ýurduň arasyndaky gowy we dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetlilige salgylanmak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary iki dine uýýanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we gepleşikleriň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sebitdäki ähli ýurtlaryň, şol sanda Ermenistan Respublikasynyň territorial bitewiliginiň, garaşsyzlygynyň we milli özygtyýarlylygynyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitdäki ähli etnik toparlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine çagyrdy we Ermenistanyň territorial bitewiligini Eýran Yslam Respublikasynyň gyzyl çyzygy diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri sebitde daşary ýurtly terroristleriň we söweşijileriň bolmaklaryny ret edip, bu güýçleriň bolmagy iki ýurduň umumy aladasydygyny we Eýranyň Ermenistan we beýleki goňşulary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga we sebitdäki ýurtlaryň mümkinçiliklerinden we umumy bähbitlerinden peýdalanyp ykdysady ösüşe goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Ermenistanyň Daşary işler ministri hem iki ýurduň hoşniýetliligine ünsi çekip: Eýran Ermenistanyň dördünji ykdysady hyzmatdaşydyr diýip yglan etdi.

Sebitdäki durnuklylygyň we howpsuzlygyň ähmiýetine we bu meseläni çözmekde Eýranyň esasy ornuna ünsi çeken Aýwazian, Eýran Yslam Respublikasynyň sebit meseleleri baradaky pikirlerine hormat goýýandygyny nygtady.

Sebitleýin saparynyň dowamynda Zarif Ermeni resmileri bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin geňeşmeler üçin çarşenbe güni Ýerewana bardy.